Aşgabatda geçiriljek kuraş boýunça dünýä çempionatyna 50 döwletden 236 türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Kuraş sporty federasiýasynyň wekilleri habar berýär. Sport bilermenleriniň aýtmagyna görä, dünýä çempionatynda türkmenistanly, özbegistanly we eýranly türgenleriň has köp medala mynasyp bolmagyna garaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, çempionatda medallaryň 60-sy üçin göreşiler. Bu bolsa her agram derejede dört türgeniň medal gazanyp biljekdigini görkezýär. Has takygy, agram derejeleriniň her birinde bir altyn, bir kümüş we iki sany bürünç medalyň eýesi kesgitlener. Kuraş boýunça dünýä çempionaty 23 – 28-nji noýabr aralygynda türkmen paýtagtynda geçiriler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir