Türkmenistanyň ilatly nokatlary ýokary tizlikli internet bilen 100% üpjün edildi. Bu barada “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew Aşgabatda geçirilen Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlary we teleradioýaýradyş enjamlary boýunça “TurkmenTel – 2023” atly halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda aýtdy diýip, “Türkmenistan: Altyn asyr” habar berýär. Ol ýolbaşçylyk edýän agentliginiň Yslam Ösüş Banky bilen bilelikde 273 mln dollarlyk aragatnaşyk operatorlarynyň torlaryny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe taslamany durmuşa geçirendigini belledi. “Şonuň netijesinde biz ilatly nokatlaryň ýokary tizlikli internet bilen 100% üpjün edilmegini gazandyk. Munuň üçin milli aragatnaşyk hemramyzyň mümkinçilikleri, ykjam we fiksirlenen aragatnaşyk ýaly dürli tehnologiýalardan peýdalandyk” – diýip, Hudaýgulyýew belledi.