Häzirki günde Türkmenistanda internet ulanyjylaryň umumy sany 3 149 178 adama ýetdi. Şolardan 421 609 müşderi simli internet ulanyjylary, 2 727 569 müşderi bolsa ykjam Internet ulanyjylarydyr diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy Hajymyrat Hudaýgulyýew “TurkmenTel – 2023” halkara ylmy maslahatynda eden çykyşynda habar berdi. Muny “Türkmenistan: Altyn asyr” ýetirýär. Şeýle-de, Hudaýgulyýew Türkmenistanda 8 sany döwletara optika süýümli maglumat geçiriş ugrunyň gurnalandygyny belledi. “Balkan welaýatynyň Garabogaz şäheriniň serhet birikmesinden Gazagystanyň Teýmir baba ilatly nokadyna, Balkan welaýatynyň Etrek sebitine we Eýran Yslam Respublikasynyň Kümmet-Kowus şäherine çenli optika süýümli aragatnaşyk ulgamyny gurmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda Hazar deňziniň düýbi boýunça optika süýümli aragatnaşygy döretmek boýunça işler alnyp barylýar” – diýip, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy belledi. Ol soňky üç ýylda satyn alnan halkara internet kanallarynyň umumy kuwwatynyň on esse artandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir