Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň lukmanlary adama tutuş bir gözi oturtmak boýunça taryhda ilkinji operasiýany geçirdiler. Degişli metbugat relizi Nýu-Ýorkyň Langon uniwersitetiniň (NYULH) saýtynda ýerleşdirildi diýip, TASS habar berýär. “Nýu-Ýork uniwersitetiniň Langon lukmançylyk merkeziniň hirurglar topary Arkanzasdan 46 ýaşly harby weteranyna tutuş bir gözi we ýüz bölegini oturtmak boýunça dünýäde ilkinji operasiýany geçirdi” – diýip, lukmançylyk merkezi habar berýär. Bellenilişi ýaly, bu adama iş ýerinde ýokary basyş astyndaky sime tötänleýin degenden soň ýokary derejede güýçli tok şikes ýetirýär. Netijede, ol çep gözüni, burnuny, dodagyny, öň dişlerini, çep ýaňagynyň bir bölegini we süňke çenli eňegini ýitirýär. Operasiýa 21 sagada golaý wagt dowam edýär, oňa 140-dan gowrak hirurg, şepagat uýasy we beýleki lukmançylyk işgärleri gatnaşýar. Relizde hassanyň täze göz bilen görüp biljekdiginiň ýa-da ýokdugynyň entek kesgitlenmändigi, ýöne organyň transplantasiýadan bäri “ajaýyp saglyk alamatlaryny” görkezýändigi bellenilýär. Mundan başga-da, hirurglaryň bu üstünliginiň “görüşi bejermekde geljekki ösüşler üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi” bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir