«Zyýarata syýahat» syýahatçylyk hususy kärhanasy ýurdumyzyň taryhy hem medeni ýadygärliklerine zyýarat etmek isleýänler üçin doly hyzmatyny hödürleýär. DOLY HYZMATA NÄMELER GIRÝÄR? Gidiş-geliş awiabiletlerini alyp bermek; Gid (ýolbelet) hyzmaty; Ulag hyzmatlary; Ýaşaýyş, iýip-içgi hyzmatlary we beýleki ähli zerurlyklar. «Zyýarata syýahat» HK 2024-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda Daşoguz welaýatynyň çägindäki ýadygärliklere zyýarat etmek isleýänler üçin ýazylyşygyň başlanandygyny habar berdi. Zyýaratyň dowamlylygy 7 gün bolup, Daşoguz welaýatynyň dürli künjeklerindäki jemi 10 sany ýere barlyp görler — 360 Pirler, Ezber Baba, Nalaç Baba, Ybraýy Edhem Pir, Aşyk Aýdyň Pir, Mahmyt Zamahşary, Bilal Baba, Gaýtarmyş Ata, Düldül Ata, Ysmamyt Ata. «Zyýarata syýahat» HK ýerleriň çäklidigi hem-de çalt dolýandygy sebäpli, zyýarata gitmek isleýänlere häzirden ýazylyp goýmagy maslahat berýär. NÄDIP ÝAZYLMALY? Ýazylmak üçin Türkmenistanyň raýatynyň pasporty we nusgasy ýeterlik. Tölegler zyýarata gidilmezden 40 gün öň alynýar. «Zyýarata syýahat» HK Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýär. Ähli soraglar boýunça şu telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilersiňiz: +993 65 35-55-65