Toronto uniwersitetiniň Robototehnika institutyndan professor Ýu Sun we onuň topary magnit meýdançasy bilen işjeňleşýän we rak öýjüklerini ýok edýän nano-skalpelli kiçijik robotlary döretdiler diýip, The Guardian habar berýär. Himioterapiýa onkologiýa keselleriniň başlangyç tapgyrlaryny bejermegiň adaty usuly bolup galsa-da, wagtyň geçmegi bilen hassalarda oňa bolan durnuklylyk ýüze çykyp başlaýar. Bu, aýratynam, beýniniň rak keseliniň giňden ýaýran we agressiw görnüşi bolan glioblastomaly (Glioblastoma multiforme, GBM) hassalarda bolup geçýär. Kanadaly alymlaryň işläp taýýarlamalary hassalara umyt berýär. Demir oksidi bilen doldurylan we antibedenjikler bilen örtülen magnitli uglerod nanoturbajyklary çişe goýberilýär we örtügiň kömegi bilen rak öýjüklerini ýüze çykarýarlar. Soňra aýlanýan magnit meýdançasy turbajyklary aýlandyrýar. Uglerod nanoturbajyklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin alymlar magnit katuşkalaryny ulanýarlar. Nanoturbajyklar adam organizminiň öýjüklerine aralaşyp bilýärler. Aýlanmak bilen olar rak öýjüklerini ýok edýärler. Onuň syçanlardaky synagy üstünlikli geçdi: çişiň ululygy kiçeldi, haýwanlar uzak ýaşadylar. Gözlegçileriň aýtmagyna görä, rak öýjükleriniň mehaniki taýdan ýok edilmegi möhüm ähmiýete eýedir, sebäbi himiki täsir öwrenişmäni ýüze çykaryp bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir