BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi (HG) we Baş Assambleýasy (BA) Gaagadaky Halkara Kazyýetiniň bäş agzasyny dokuz ýyl möhlet bilen saýlady. Bu barada Report agentligi habar berýär. Ses bermek üçin 2024-nji ýylyň fewral aýynda bäş kazynyň ygtyýarlylyk möhletiniň tamamlanmagy bilen baglylykda kazyýetde boşaýan bäş wezipe çykaryldy. Halkara Kazyýetiniň düzümine saýlanmak üçin Awstraliýadan, Kongo Demokratik Respublikasyndan, Müsürden, Zambiýadan, Meksikadan, Rumyniýadan, RF-den, ABŞ-dan we GAR-dan dalaşgärler dalaş etdi. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen ses berişligiň jemi boýunça Halkara Kazyýetiniň düzümine Bogdan Auresku (Rumyniýa), Sara Hall Kliwlend (ABŞ), Huan Robledo (Meksika), Hilari Çarlzuort (Awstraliýa) we Tladi Dire (GAR) saýlandy. Bu dalaşgärler BMG-niň Baş Assambleýasynda hem zerur ses sanyny aldylar. Kazyýetiň düzümine gaýtadan saýlanan awstraliýaly Çarlzuort öz wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirer, beýleki saýlanan dört kazy bolsa 2024-nji ýylyň 6-njy fewralyndan işe girişer.