Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komiteti Halkara Olimpiýa Komitetine 2030-njy ýylda geçiriljek gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin teklip hödürledi. Bu barada Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň metbugat gullugy habar berdi. "Şu gün Halkara olimpiýa komitetine hödürlenen bu resminama iýul aýyndan bäri bilelikde alyp barýan işimiziň netijesidir. Bu oýunlary täze formatda geçirmek isleglerimiziň subutnamasy" – diýip, Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Dawid Lappartýen mälim etdi. Oýunlar Fransiýanyň iki sebitinde geçiriler diýlip çaklanylýar: Owern-Rona-Alplar we Prowans- Alplar-Gök kenar. Fransiýanyň Milli Olimpiýa Komiteti 2030-njy ýylda Olimpiýa oýunlaryny geçirmek isleýändigini iýul aýynda mälim etdi we Fransiýanyň sport ministri Ameli Udea-Kastera fransuz hökümetiniň bu başlangyjy goldaýandygyny aýtdy. ABŞ, Şwesiýa we Şweýsariýa hem 2030-njy ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýer eýeçiligini etmäge dalaş edýär. 2024-nji ýylda Pariž 26-njy iýuldan 11-nji awgust aralygynda geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryny kabul eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir