Bentley kompaniýasy dört sany ýumşak oýunjak aýyjyklary görkezdi. Onda markanyň nyşany bilen bezelen, hersi üýtgeşik geýnen gahrymanlar bar. Olary 65-funt sterlingden 80 funt sterlinge çenli bahadan satyn alyp bilersiňiz. Special Edition Signature aýyjygy resmi haryt nyşanyny alamatlandyrýar. Ol çal we ýaşyl reňklerde talas-boýunbag bilen bezelipdir. Ak-ýaşyl kombinezonly we papakly - mehanik aýy. Onuň gursak jübüsinde üç guralyň toplumyny görüp bilersiňiz. Ulag-ýaryşçy aýyjyk bomber-kurtka, ýaryş äýnegini we şlem geýipdir. Ol 1920-1930-njy ýyllaryň awtoulag türgenlerine hormaty aňladýar. Onuň nohut gülli şarfy Rowaýata öwrülen Blower modeliniň döredijisi ser Genri “Tim” Birkiniňkä meňzeşdir. Toplumyň soňky gahrymanyna Cosy Knit diýilýär. Bu örülen jempirli we gulakjynjykly körpe. Romb görnüşli nagşy Bentley-iň awtoulag salonlarynyň interýerine degişlidir. Her oýunjagyň boýy 40 santimetr. Olar kaşaň awtoulaglar ýaly, iň ýokary hilli materiallardan ýasalýar. Special Edition Signature aýyjygynyň bahasy 80 funt, beýlekileriň bahasy 65 funt.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir