Samsung kompaniýasy soňky dört ýylda Galaxy Fit hatarynyň ilkinji täzelenmesi boljak täze Galaxy Fit 3 fitnes bilezigini çykarar. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Galaxy Fit 2 çykarylandan soň, täze Galaxy Fit 3 dizaýn we funksionallyk taýdan uly ösüşi görkezer diýip, ferra.ru habar berýär. Täze önüm kämilleşdirilen ulanyjy tejribesini wada berýär. Häzirlikçe onuň tehniki aýratynlyklary belli bolmasa-da, gurluşyň uly AMOLED displeýi, ýürek ritminiň datçigi, akselerometr, uky gözegçiligi funksiýasy we türgenleşikleri awtomatik anyklaýyş bilen üpjün edilmegine garaşylýar. Mundan başga-da, maglumatlary saklamak üçin içerki ýadyň we telefona birikdirmezden aýdym aýtdyrmak mümkinçiliginiň bolmagyna garaşylýar. Fit 2-niň meşhur funksiýalarynyň biri ulanyjylara şähdiňe ýa-da egin-eşigiňe görä reňk saýlamaga mümkinçilik berýän kemeri çalyşmak mümkinçiligidi. Bir göräýmäge, Fit 3-üň kemeri çalyşmak üçin mehanizmi ýok, bu bolsa ulanyjylar üçin reňk saýlawlaryny çäklendirip biler. Galaxy Fit 3-üň iş dowamlylygy hem sorag bolup galýar, ýöne 2020-nji ýyldan bäri batareýa tehnologiýasyndaky kämilleşdirmeleri göz öňünde tutsaň, täze bilezigiň bir zarýad bilen deňräk ýa-da has uzak işlemegine garaşyp bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir