Daşary ýurt HBS-i, şol sanda «Deadline» neşiri Marvel Studios-yň käbir filmlerini 2024-nji ýylda çykmagyna garaşylandygyna garamazdan, 2025-nji ýyla geçirmek kararyna gelendigini habar berýärler. Muny championat.com ýetirýär. Şeýlelikde, “Kapitan Amerikanyň” (“Captain America”) täze bölümi we “Gök gürrüldedijiler” (“Thunderbolts”) 2025-nji ýyla süýşürildi. Marvel Studios-yň filmleriniň arasyndan indiki ýyl diňe “Dedpul 3” çykar. Marvel Studios-yň täze filmleriniň çykjak seneleri: “Dedpul 3” – 2024-nji ýylyň 26-njy iýuly; “Kapitan Amerika: Täze ajaýyp dünýä” (“Captain America: Brave New World”) – 2025-nji ýylyň 14-nji fewraly (öň, 2024-nji ýylyň maý aýy); “Gök gürrüldedijiler” – 2025-nji ýylyň 25-nji iýuly (öň, 2024-nji ýylyň dekabr aýy); “Bleýd” – 2025-nji ýylyň 7-nji noýabry (öň, 2025-nji ýylyň 14-nji fewraly); “Fantastik dörtlük” (“Fantastic Four”) – 2025-nji ýylyň 2-nji maýy. Şeýle-de, HBS täze “Kapitan Amerikanyň” synag görkezişleriniň şowsuzlygy sebäpli gaýtadan surata düşürmelere sezewar edilendigini habar berdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir