Içerki maglumatlara görä, Google kompaniýasynyň abuna boýunça işleýän YouTube TV hyzmaty soňky bir ýylda 48% ösdi. 2022-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2023-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli döwri öz içine alýan ösüş statistikasy YouTube TV-niň Google kompaniýasynyň iň çalt ösýän önümidigini görkezýär diýip, ferra.ru belleýär. Şeýlelikde, Google-yň ähli önümleriniň arasynda YouTube TV-niň ulanyjylaryň gatnaşygy we saklanyş derejesi boýunça görkezijileri has ýokarydyr. YouTube TV-niň ulanyjylarynyň, takmynan, 52%-i hemişelik tomaşaçy bolup, akkauntlaryň diňe 8%-i öz hereketini bes etdi. YouTube TV-niň meşhurlygy abunaçylara giňişleýin telewizion tejribesini hödürleýän tölegli häsiýeti bilen baglanyşyklydyr. Bir akkaunty bäş sany maşgala agzasy bilen ulanyp bilmek mümkinçiligi-de bu hyzmaty hasam özüne çekiji edýär. Bu görkezijiler ýyldan-ýyla telewideniýäni iň çalt ösýän platforma hökmünde görkezýän YouTube-yň umumy strategiýasyna laýyk gelýär. Şeýle-de, uly ekranlarda tomaşa mümkinçiligini giňeltmek boýunça yzygiderli tagallalar bilen birlikde hyzmatyň planşetlerde bolmagy-da bu ösüşe ýardam etdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir