2016-njy ýylda Ilon Mask we alymlar topary tarapyndan esaslandyrylan Neuralink kompaniýasy diňe bir mümkinçiligi çäkli adamlaryň daş-töweregindäkiler bilen aragatnaşyk etmek ukybyny bölekleýin dikeltmän, eýsem ysmaz bolanlary aýaga galdyryp biljek beýni implantlaryny döretmegi maksat edindi. Adamlarda synagdan geçirmäge rugsat almak bilen, Neuralink eýýäm geljek ýyl 11 hassany operasiýa etmekçi bolýar diýip, 3dnews.ru belleýär. Bloomberg agentliginiň materialynda bellenilişi ýaly, Ilon Mask Neuralink implantlarynyň adamlardaky kliniki synaglaryna rugsat bermek işini çaltlaşdyrmagy başardy, sebäbi adaty tertip ilkinji hassanyň üstünlikli operasiýadan soň hünärmenleriň elinde bir ýyl gözegçilikde bolmagyny we diňe şondan soň kompaniýa indiki operasiýalary geçirmäge rugsat berilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle-de bolsa, FDA agentligi Neuralink kompaniýasyna implantlary birbada 11 hassada synagdan geçirmäge rugsat berdi we olar eýýäm geljek ýyl operasiýa ediler. Kompaniýa her bir operasiýanyň bahasyny 10 500 dollar bilen bahalandyrýar, ýöne ätiýaçlandyryş kompaniýalary her bir hassa üçin 40 000 dollar tölemeli bolarlar. Startapa eýýäm müňlerçe hassa ýüz tutdy, ýöne indiki ýyla çenli synagyň ilkinji tapgyry üçin 11 meýletinçi saýlanar. Bellenilişi ýaly, tejribä gatnaşyjylaryň her biri 40 ýaşdan kiçi hem-de el we aýak ysmazyndan ejir çekýän bolmaly. 2025-nji ýylda kompaniýa adamlara 27 implant oturtmagy, 2026-njy ýylda ýene 79 hassada operasiýa geçirmegi, 2027-nji ýylda 499 operasiýa, 2030-njy ýyla çenli bolsa her ýyl 22 204 operasiýa geçirmegi meýilleşdirýär. Bäş ýyldan kompaniýa operasiýalardan ýylda 100 mln dollar möçberde girdeji almagy göz öňünde tutýar. Öz işläp düzen robotyndan başga-da, Neuralink ýarym geçiriji komponentleri özbaşdak işläp düzýär we taýýarlaýar. Implant iş wagty gyzmaly däldir ýa-da haýsydyr bir sebäp bilen hassany biynjalyk etmeli däldir, şonuň üçin bu tapgyrda komponentleriň köpüsini kompaniýa öz güýji bilen işläp düzýär we öndürýär. 2021-nji ýylda, takmynan, 12 hirurgiýa roboty 155 haýwana çip oturtdy, geçen ýyl operasiýalaryň sany 294-e ýetdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir