Şu gün, 11-nji noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň şekil taslamalary we täze şäherde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça Döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde guruljak we durky täzelenjek ulag ýollary, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy hem-de Arkadag şäheriniň çägini giňeltmek boýunça meýilleşdirilen işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, bu ýerde beýleki şaýollaryň durkuny täzelemäge degişli taslamalar, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýanýodalaryň we ulag ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça meýilleşdirilen işler, Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine goşulýan ýer bölekleriniň çyzgylary barada hasabatlar berildi. Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew «Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararynyň makullanmagy üçin şäher häkimliginiň işgärleriniň we Arkadag şäheriniň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem häkim täze şäheriň ekologiýa derejesiniň degişli ýagdaýda saklanmagy ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň Germaniýa sapara gidip, Arkadag şäheriniň tebigy howa şertlerine laýyk gelýän ekoulaglarynyň aýratynlyklaryny öwrenmek, dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek meselelerini öwrenmäge ygtyýar berendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi we öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Hasabatyň dowamynda Arkadag şäherine müňlerçe raýatlaryň uly höwes bilen göçüp gelýändiklerini, bu ýerde adamlaryň amatly ýaşaýşy we doly derejeli dynç alşy üçin ähli şertleriň döredilendigi barada habar berildi. Şeýle hem täze şäherde durmuş düzümine degişli toplumlaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk merkezleriniň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň sazlaşykly işiniň ýola goýlandygy barada aýdyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir