«Gazprom» AGPJ bilen ozal baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, 2023-nji ýylda Russiýa, takmynan, bäş milliard kub metr türkmen gazy iberiler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Arçaýew ýakynda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy —2023» halkara maslahatynda we sergisinde mälim etdi diýip, «Trend.az» habar berýär. Myrat Arçaýewiň belleýşi ýaly, şertnamada ýylda 5 milliard kub metr töweregi möçberde türkmen gazyny ibermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ol häzirki wagtda şertnamanyň doly ýerine ýetirilýändigini sözüniň üstüne goşdy. 2019-njy ýylda «Türkmengaz» döwlet konserni we «Gazprom» AGPJ Russiýa 5 ýyl möhlet bilen tebigy türkmen gazynyň iberilmegi barada şertnama baglaşypdy. Şertnama 2024-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir