Türkmenistanda gön önümlerini çig mal hökmünde müşderilere ýetirýän iri kärhanalaryň biri bolan «Maksat-deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gön önümlerine günsaýyn isleg ýokarlanýar. Muny kärhananyň önümçiliginiň geriminiň giňelýändigi, müşderileriň sanynyň barha artýandygy hem aýdyň görkezýär. Mary welaýatynyň Mary etrabynda ýerleşýän «Maksat-deri» AGPJ-niň önümçilik kärhanasynda iri we ownuk şahly mallaryň derisi gaýtadan işlenilip, olardan ýokary hilli, tebigy, dürli reňkdäki we galyňlykdaky gön önümleri taýýarlanylýar. Kärhananyň önüm görnüşlerine aýakgap üsti we içlik üçin gönler, gaýyş gönler we beýleki gön önümleri degişlidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir