ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp 2024-nji ýylda geçjek ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda iň baý dalaşgär bolup, onuň maliýe emlägi 2,6 milliard dollara deňdir. Bu ugurdaky sanawy «Forbes» žurnaly çap etdi. Şunda häzirki Prezident Jo Baýden altynjy orunda ýerleşdi. Neşiriň bahalandyrmagyna görä, Trampyň sap girdejisi 2,6 milliard dollardyr, ondan soňra sanawda Respublikaçylar partiýasyndan dalaşgär, telekeçi Wiwek Ramaswami (emlägi 880 million dollar) orun aldy. Üçünji orunda Demirgazyk Dakotanyň gubernatory, respublikaçy Dug Bergam ýerleşdi, onuň emlägi 100 million dollar bahalanýar. Häzirki Prezident Jo Baýden 10 million dollarlyk maliýe emlägi bilen sanawda altynjy orny eýeledi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir