türk kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy azyk senagatynyň, gaplaýyş we agrosenagat toplumynyň «Agro-Pack Turkmenistan 2023» atly halkara sergisine gatnaşar. Bu çäre 28-30-njy noýabr aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler. «My Export» kompaniýasy halkara söwda, bütin dünýäde dürli harytlaryň importy we eksporty bilen üstünlikli meşgullanýar. «My Export» kompaniýasynyň Türkmenistandaky esasy iş ugry gök önümleri, miweleri we taýýar azyk önümlerini Ýewropa ýurtlaryna import etmekden ybaratdyr. «Agro-Pack Türkmenistan 2023» sergisine Türkmenistandan we dünýäniň beýleki ýurtlaryndan azyk, gaýtadan işleýän, gaplaýyş we oba hojalygy pudaklaryna degişli kompaniýalardan onlarça wekil ýygnanar. Şonuň üçin hem bu sergi biziň kompaniýamyzyň hyzmatlaryny ilerletmek üçin ajaýyp meýdança bolmak bilen, potensial müşderiler we hyzmatdaşlar bilen duşuşmak, importyň geografiýasyny giňeltmek we täze şertnamalar baglaşmak üçin mümkinçilik döredýär» diýip, «My Export» kompaniýasynyň wekili belläp geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir