Türkmenistan özüniň milli pawilýony bilen 5-10-njy noýabr aralygynda Şanhaý şäherinde geçirilen Hytaýyň halkara import sergisine gatnaşýar. Sergide dünýäniň 154 döwletiniň wekilleriniň 3400-den gowrak eksponenti görkezilişe çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi. Sergi oba hojalygy, azyk senagaty, awtoulag gurluşygy, çalgy ýaglar, ätiýaçlyk şaýlar, himiýa senagaty, dürli internet tehnologiýalar, kompýuter önümçiligi we üpjünçiligi, dokma senagaty, bezegler, lukmançylyk enjamlary, dermanlyk serişdeleri, taslamalar, oýlap tapmalar ýaly ugurlar boýunça ýaýbaňlandyryldy. Hytaýyň 6-njy halkara import sergisine Türkmenistanyň Söwda toplumyndan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň we ýurduň telekeçilerinden ybarat bolan wekilçilikli topary gatnaşýarlar. «Bu abraýly, halkara derejesinde geçirilýän sergä Türkmenistanyň önüm öndürijileriniň gatnaşmagy, olaryň öz öndürýän ýokary hilli önümlerini dünýäniň import-eksport ugrunda iş alyp barýan işewürlerine tanyşdyrmaga, dürli ýurtlar bilen ykdysady-söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge, ýakyn gelejekde özara bähbitli gepleşikleri geçirmäge mümkinçilik berer» diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir