ABŞ-da Tommi lakamly öküz dünýäde iň uly diýlip ykrar edildi diýip, «Oddity Central» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar, Onuň boýy 1,87 metrdir. 13 ýaşly öküz doglanyndan bäri Massaçusetsdäki fermada saklanýar. Eýesi Lori Balawender onuň beýlekilerden tapawutlanýandygyny görüp, 10 dollara satyn alypdyr. Erkek kişi onuň maşgalanyň bir agzasy ýaly eý görülýändigini gürrüň berýär. Göwresiniň mähnetdigine garamazdan, Tommi özüni asuda alyp barýar, her gün 13 kilogram däne iýýär, 151 litr suw içýär. Ol şeýle-de alma iýmegi halaýar, eýesi onuň üçin eýýäm ep-esli miwe satyn alandygyny gürrüň berýär. «Tommi otluk meýdanlarynda ýabany alma gözläp köp ygýar, ol şeýlebir akylly, nädip agaçlary silkeläp, almalary ýere gaçyrmagyň usulyny-da bilýär» diýip, Lori aýdýar. Balawender Tomminiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigine, özüniň şeýle mähnet öküziniň bardygyna buýsanýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir