Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň üçtaraplaýyn gaz bileleşigine (Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasyndaky) goşulmagynyň mümkindigini mälim etdi. Ol degişli mesele boýunça «Kazahstanskaýa prawda» gazetine beren interwýusynda pikir bildirdi. Bu barada rus Lideriniň resmi metbugat gullugy habar berdi. «7-nji oktýabrda Gazagystanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen bilelikde Russiýanyň tebigy gazyny Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana iberip başlamaklyga bagyşlanan dabara gatnaşypdyk. Bu ugur bar bolan gaz geçirijilerden iň netijeli görnüşde peýdalanmaga mümkinçilik berýär we diňe üç döwletiň däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitiniň ösüşine ýardam edýär. Geljekde türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen hem gepleşikleri geçirmegi maksadalaýyk diýip hasaplaýarys. Olar yzygiderli ýagdaýda bu bazarlara gatnaşýarlar. Türkmen tarapynyň şeýle görnüşli hyzmatdaşlyga goşulmagy umumy bähbitlere laýyk gelýär» diýip, Wladimir Putin belledi. Ýeri gelende bellesek, Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň arasyndaky üçtaraplaýyn ylalaşyga görä, oktýabr aýynda rus gazy Gazagystanyň üsti bilen Özbegistana iberilip başlandy. Häzirki üçtaraplaýyn ylalaşyga görä, Özbegistan ýylda 2,8 milliard kum metr rus «mawy ýangyjyny» import eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir