Russiýa haýyr-sahawat kömegi hökmünde Afrika 25 müň tonna bugdaý iberdi. Bu barada Russiýanyň Federal gümrükhana gullugyna salgylanýan TASS habar berdi diýip, «Belta.by» ýazýar. Habarda haýyr-sahawat ýükleriniň ýurduň Noworossiýsk portundan Afrika ýurtlarynyň birine iberilendigi aýdylýar. Iýulda Russiýanyň Lideri Wladimir Putin öz ýurdunyň Afrikanyň mätäçlik çekýän ýurtlaryna muzdsuz däne ibermäge taýýardygyny aýdypdy. Soňra Putin yklymyň alty ýurduna, ýagny Burkina-Faso, Zimbabwe, Mali, Somali, Merkezi Afrika Respublikasy we Eritreýa döwletlerine 25-50 müň tonnadan muzdsuz däne ibermek boýunça gepleşikleriň jemleýji tapgyrdadygyny habar berdi. Habarda Russiýanyň geçen ýyl Afrika 11,5 million tonna, şu ýylyň ilkinji alty aýynda ýene 10 million tonna golaý däne eksport edendigi bellenýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir