Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny mälim etdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy, YHG-nyň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu barada TDH ýazýar. «Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba hojalygyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy we bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürendigini we olara YHG-nyň käbir ýurtlarynyň hem gatnaşýandygyny aýdyp geçdi. Şeýle hem döwlet Baştutany YHG giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlary energetika ulgamynda özara işlerimizi giňeltmäge çagyrdy. «Men öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-niň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň we elektroenergiýanyň möçberlerini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow nygtady.