Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşkentde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) 16-njy mejlisinde çykyş edip, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan 2021-nji ýylda YHG-da başlyklyk eden döwründe YHG-nyň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip etdi. «Olary harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň hereket etmegi üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde görýäris. Munuň üçin ýurtlarymyzyň öňdebaryjy senagat şereketleriniň, maýa goýum kompaniýalarynyň we banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ulgamlaýyn esasda ösdürmek zerurdyr» diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň aýtmagyna görä, bu işler häzirki zaman tilsimatlaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr. «Şunuň bilen baglylykda, Sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly Ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip edýäris» diýip, döwlet Baştutany belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir