Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana iş sapary tamamlandy. Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Daşnet şäherindäki Islam Karimow adyndaky halkara howa menzilinden Aşgabada ugrady. Howa menzilinde Türkmenistanyň döwlet Baştutanyny Özbegistanyň Premýer-ministri Abdylla Aripow we beýleki resmi adamlar ugratdylar. Bu barada Özbegistanyň Milli habarlar agentligi habar berdi. Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistana amala aşyran iş saparynyň dowamynda ýurduň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitine gatnaşdy. Hususanda, sammitiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti guramanyň çäklerinde ýangyç-energetika, ulag-logistika we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly birnäçe teklipleri öňe sürdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir