Şu gün Aşgabatda öz işine başlan «Türkmentel-2023» halkara ylmy maslahatynyň birinji gününiň ahyrynda maglumat-aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, olaryň hatarynda: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Ýörite aragatnaşyk we maglumat howpsuzlygy boýunça Döwlet gullugynyň arasynda maglumat howpsuzlygy ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen «ELINC China Co., Ltd» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal döwlet býujet ýokary bilim edarasynyň A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli barlag tehniki uniwersitetiniň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Fransiýanyň «Thales Alenia Space France SAS» hem-de «Eutelsat» kompaniýalarynyň arasynda gizlinlik we aýan etmezlik barada üçtaraplaýyn Ylalaşyk bar. Ertir — 10-njy noýabrda halkara sergi we ylmy maslahat ugurdaş mejlisler görnüşinde öz işini dowam edip, forumyň barşynda oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, onuň netijeli görnüşlerini işläp taýýarlamaga, bu ugurda täsirli häsiýete eýe bolan sebit we ählumumy işleri işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalara gol çekilmegi hem-de degişli sertifikatlary gowşurmak göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir