Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2023/24-iň dördünji tapgyrynyň çäginde Aşgabat şäherinde geçirilen duşuşykda Marynyň «Merwini» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 34-nji minutda Oraz Orazow geçirdi. Gol pasyny bolsa kapitan Ahmet Ataýew berdi. Ikinji ýarymda duşuşyk «Merwiň» ýiti hüjümlerine baý bolan hem bolsa, olary hasaby deňlemek başartmady. Şeýlelikde, duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» minimal hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy. «E» toparçadaky ugurdaş duşuşykda Gyrgyzystanyň «Abdyş-Atasy» öz meýdanynda Täjigistanyň «Rawşanyny» 1:0 hasabynda ýeňdi. Yzda galan dört tapgyryň duşuşyklaryndan soň «Abdyş-Atanyň» 10, «Altyn asyryň» 7, «Merw» bilen «Rawşanyň» 2 utugy bar. Indiki tapgyrda 30-njy noýabr güni «Altyn asyr» öz meýdanynda «Abdyş-Atany», «Merw» «Rawşany» kabul eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir