Golliwudda aktýorlaryň şu ýylyň 14-nji iýulynda başlanan iş taşlaýşy tamamlandy, aradan 118 gün geçensoň, olar ABŞ-nyň Kino we telewideniýe prodýuserleriniň bileleşigi bilen geleşik baglaşdylar. Telewideniýe we kino aktýorlarynyň amerikan federasiýasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, olara bileleşik bilen umumy bahasy 1 milliard dollarlyk geleşik baglaşmak başartdy. Oňa laýyklykda, aktýorlaryň iň pes aýlyk haklary 7 göterim ýokarlandyrylar, şeýle hem Telewideniýe we kino aktýorlarynyň amerikan federasiýasynyň agzalary emeli aňyň ýaýramagyndan goralar. Kärdeşler arkalaşyklaryna iberilen hatlarda aktýorlaryň mynasyp iş şertleri bilen üpjün ediljekdigi, olaryň hukuklarynyň goraljakdygy aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu iş taşlaýyş iň uzak dowam eden tutum boldy, öň aktýorlar 95 gün iş taşlaýyş etdiler. Täze geleşikden taraplaryň ikisi-de razy diýip, «024.by» saýty ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir