Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň estrada sungaty kafedrasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň guramagynda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektrin neşiriniň habar bermegine görä, konsertde Ýuliý Meýtusyň «Magtymguly» operasyndan parçalar ýerine ýetirildi. Onda Magtymguly Pyragynyň ariýasyny Begenç Moşiýew, Meňliniň ariýasyny Arzygül Gylyjowa ýerine ýetirdi. Şeýle-de konsertiň repertuaryndan özbek dilinde ýerine ýetirilen «Aýryldym» hem-de «Otur-turuşyn görüň» ýaly aýdymlar hem orun aldy. Konsertiň iň esasy pursaty Döwran Şammyýew tarapyndan estrada sungaty kafedrasynyň müdiri Maýsa Mämmetjumaýewanyň sazyna döredilen «My belоvеd» aýdymyny aýtmagy boldy. Ýeri gelende, Döwranyň bu aýdymy ilkinji gezek Albukerkede (ABŞ) ýerine ýetirendigini bellemek gerek. Ol ýaňy-ýakynda şol şäherde aýdymçy we sazandalar topary bilen türkmen sungatyna wekilçilik etdi. Konsert Atamyrat Baratowyň (tar), Aziz Pahruddinowyň (daýra) sazandarlyk etmeklerinde Ysmaýyl Sabirowyň (akkordeon) ýerine ýetiren Öwezgeldi Tekäýewiň sazyna döredilen «Ýar ýüzüňden» aýdymy bilen tamamlandy. Konserti Ramina Gadimi tarapyndan alnyp baryldy.