9-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň II saýlama oýny geçirildi. «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly umumy şygar astynda geçirilýän III möwsümiň II saýlama oýnunyň temasy «Sefewi döwletiniň XVII asyryň ahyrynda — XVIII asyryň başynda halkara gatnaşyklary we diplomatiýasy» diýlip atlandyryldy. «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň II saýlama oýnuna Aşgabat şäherinden, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlaryndan mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumy bilim berýän mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Gülnar Ballyýewa hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerine ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Müsür Gutlymyradowa ýeňiji boldular. Ýeňijiler we bäsleşige gatnaşyjylar hemaýatkärler tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar. Şeýle-de olara institutyň adyndan Hormat hatlary gowşuryldy.