Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň Günorta Kensan ülkesindäki oba hojalyk önümlerini sortlaýjy merkezinde robot tehnikasy boýunça hünärmen ýükleýji robotyň duýduryjylarynyň işleýşini barlaýarka, pida boldy. Bu barada «Yonhap» habarlar gullugyna salgylanýan «News.ru» ýazýar. Enjamyň işinde näsazlyk döräp, ol işgäri karton gapdyr öýtdi we ony gysyp, köpsanly şikes ýetirdi, netijede, hünärmen hassahanada aradan çykdy. Polisiýa sortlaýjy merkeziň ýolbaşçylaryna garşy howpsuzlyk çärelerini üpjün etmekde geleňsizlik bilen bagly seljerme işlerine başlady.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir