Aşgabadyň «Altyn asyr» futbol topary düýn AFK-nyň kubogynda 42-nji duşuşygynda 17-nji ýeňşini gazandy. Şeýlelikde, toparyň bu ýaryşdaky görkezijilerinde ýeňişleriniň sany deňliklerden we utulyşlardan öňe geçdi. Düýn «Merw» bilen bolan duşuşyga çenli «Altyn asyryň» ýeňişleri bilen deňlikleriniň sany deňdi. Ýeňişem, deňligem 16-dy. Düýn bolsa ýeňişler deňliklerden öňe geçdi. Ýeri gelende aýtsak, topar yklym ýaryşynda bary-ýogy 9 gezek ýeňildi. Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri AFK-nyň kubogynda garşydaş derwezelere 64 gol geçirip, öz derwezesinde 50 gol gördüler. «Altyn asyryň» 2018-nji ýylda bu ýaryşyň finalyna çenli çykandygyny ýatladýarys.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir