«Ahala» AFK-nyň Çempionlar ligasynda kömek edip bilmeýän goragçy Bagtyýar Gürgenow toparynyň çempionatdaky ýedinji ýeňşine goşant goşdy. «Ahal» düýn Mary şäherinde 10-njy tapgyryň çäginde ýerli «Energetik» bilen geçiren duşuşygynda hut Bagtyýar Gürgenowyň 66-njy minutda geçiren ýeke-täk goly bilen üstün çykdy. Çempionlar ligasynyň metbugat ýygnanyşyklarynyň birinde baş tälimçi Serdar Geldiýewe Gürgenow bilen bagly sowal berlipdi. Mälim bolşy ýaly, futbolçy şu Özbegistanyň «Kyzylkumy» bilen şertnama baglaşdy. Ýöne özbek topary bilen göwnündäki ýaly oýny orta goýup bilmedik goragçy topar bilen tiz wagtda hoşlaşyp, «Ahalyň» düzümine goşuldy. Çempionlar ligasy üçin AFK-a berlen sanawda adynyň ýokdugy üçin Gürgenow «Ahala» diňe milli ýaryşlarda kömek edip bilýär. Onuň näderejede haýrynyň degýandigini bolsa 10-njy tapgyryň duşuşygy görkezdi. Bu ýeňişden soň utugyny 23-e çykaran «Ahal» ýaryş tertibinde iki basgançak böküp, dördünji orna çenli göterildi. Ýöne topar üçünji orundaky «Nebitçiden» 7, ikinjilikdäki «Altyn asyrdan» 18, lider «Arkadag» toparyndan bolsa 31 utuk yzda. Üstesine, toparyň oýunlarynyň sany hem özünden öňdäki garşydaşlarynyňka deňleşiberdi. Bu bolsa janköýerleriň indiki möwsümde «Ahaly» yklym ýaryşlarynda görmek mümkinçiligini azaldýar. Çünki AFK-nyň täze ýaryşlaryna Türkmenistandan diňe iki topar gatnaşar. Ýurduň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň toparçalaryna goşulmaga hukuk gazansa, Kubogyň eýesi ýa-da kümüş medal gazanan topar bu ýaryşa goşulmak üçin saýlama duşuşyklary geçirmeli bolar. Şonuň üçin hem çempionlyga umydy azalan «Ahal» Kubok ýaryşyna ünsi gönükdirse gerek.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir