Ispaniýa tagtabitleriň görlüp-eşidilmedik hüjümini başdan geçirýär diýip, «Habar 24» ýazýar. Munuň sebäbi jahankeşdeleriň ýurda köp gelmegi we güýçli yssy howa diýip, hünärmenler çaklaýarlar. Madridde, Walensiýada we Kataloniýada ýagdaý has-da çylşyrymly. Tagtabitleri bu ýerlerde ulaglarda we myhmanhanalarda tapýarlar. Mör-möjekler uzak wagtyň dowamynda el goşlarynda, torbalarda saklanýarlar we dessine myhmanhanalardaky ýatalgalara ornaşýarlar. Lukmanlar arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmäge çagyrýarlar. Öň tagtabitler Fransiýada we Portugaliýada köp mukdarda ýaýrady. Entomolog Oskar Soriano gürrüň berýär: - Biziň tagtabitlere bütin jemgyýet bolup göreşmegimiz gerek. Myhmanhanalarda arassaçylygy berjaý etmeli. Ýerli häkimiýetler jemgyýetçilik ulaglarynda ýagdaýa gözegçilik etmeli.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir