9-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmentel-2023» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Ylmy maslahatda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň alymlary, bilermenleri we işewürleri özleriniň teklipleri bilen çykyş etdiler. Maslahatyň işewürlik maksatnamasy adaty we onlaýn görnüşde guralan «Sanly transformasiýa: Halkara dialogy we hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisi hem-de 4 sany — «Sanly transformasiýa: kiberhowpsuzlyk», «Kommunikasiýalaryň geljegi», «Hemra tehnologiýalary, goşundylary we durnukly ykdysadyýeti hereketlendiriji güýç hökmünde hyzmatlar», «Sanly ösüşde döwlet strategiýasy: durnukly, ahlakly, giň gerimli sanly jemgyýeti gurmak» atly iş mejlislerini öz içine aldy. Umumy mejlisiň barşynda Türkmenistanyň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri häzirki zaman telekommunikasiýalar ulgamlarynyň we maglumat üpjünçiliginiň ýagdaýyna syn, olaryň geljekki ösüşine we mümkinçiliklerine baha berdiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş meseleleri baradaky komissiýasynyň (ESKATO) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana, Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň Baş sekretary Dorina Bogdan-Martina sanly ulgam arkaly gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Forumyň açylyşynda Halkara elektroaragatnaşyk bileleşiginiň GDA ýurtlary üçin Sebit bölüminiň sebit direktory Natalýa Moçu, Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň (ASA) Baş direktory Nurudin Muhitdinow we beýleki abraýly guramalaryň wekilleri, Belarusuň, Gazagystanyň hem-de Gyrgyzystanyň degişli ministrlikleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Merkezi Aziýada hemra aragatnaşygynyň täze operatory hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ähmiýetli orny hakynda-da çykyşlar diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meselelerine garaldy. Hemra kommunikasiýa tehnologiýalary we programma önümleriniň bazary, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek ýaly ugurlar boýunça özara pikir alyşmalar bilen maslahat şu günki birinji mejlisini dowam etdi. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlary taýýarlanylan şekiller bilen utgaşdyrylyp, ol aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, kiberhowpsuzlygy pugtalandyrmak, sanlylaşdyrmakla IP ulgamyny, interneti ornaşdyrmak we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak babatynda öňe sürlen teklipler bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Foruma gatnaşýan daşary ýurtly bilermenler türkmen kärdeşleri bilen dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Forumyň çäklerinde Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugruna ýöriteleşen daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Olaryň barşynda aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamynda, geljegi uly meýilnamalary hasaba almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt tejribesini öwrenmegiň, halkara ylmy gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýardam edýän halkara guramalar we degişli düzümler bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygy nygtaldy. Maslahatyň çäklerinde «Mobil aragatnaşyk ulgamynyň indiki tapgyryny işe girizmek (IMT-2020/5G)» atly türgenleşik sapagy geçirildi. Oňa gatnaşyjylar 5G ulgamly giňişligiň ägirt uly bähbitlere eýe bolan aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir