Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti ýerli we daşary ýurt ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny biologiýa boýunça 2-nji halkara internet olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar. Olimpiada 6-njy dekabrda geçiriler we talyplara biologiýa ugrundaky bilimlerini görkezmäge, şeýle hem halkara aragatnaşygy ýola goýmaga hem-de dünýäniň dürli künjeklerinden ýaşlar bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik berer. Internet olimpiadasy barada goşmaça maglumatlar we bildirişler uniwersitetiň resmi web sahypasynda «Olimpiada 2023» bölüminde ýerleşdiriler. Hasaba alyş 2023-nji ýylyň 30-njy noýabrynda 18:00-a çenli dowam eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir