7-8-nji noýabrda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyklary geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, bu duşuşyklaryň dowamynda türkmen tarapy ýurduň daşary we içeri syýasaty barada tanyşdyryş çäresini geçirdi. Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ykdysady ulgamynda amala aşyrylýan giňmöçberli maksatnamalary we taslamalary baradaky söhbetdeşligiň dowamynda täze «akylly» şäher düşünjesine esaslanýan Arkdag şäheri barada hem gürrüň berildi. Gepleşikleriň dоwamynda Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir