şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Atdaýew gözegçilik edýän ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik ulgamynda şu ýylyň 10 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň sarp edýän harytlaryny artdyrmak boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi we wise-premýer B.Atdaýewe bazarlarda hem-de dükanlarda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň elýeterli we bolelin bolmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.