Habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 9-njy noýabrda Daşkentde geçirilen 16-njy sammitine gatnaşmagynyň jemleri barada hem hasabat berdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilmegine görä, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýokary derejedäki duşuşykda beýan eden başlangyçlaryny we olardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gönükdirilen teklipleriň taýýarlanylandygy barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Arkadag şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň durnukly ösüş boýunça ministrler derejesindäki birinji forumyny geçirmek, şeýle hem YHG bilen hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksadynda, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ulag-üstaşyr gatnawlar boýunça Çarçuwaly ylalaşygyny hem-de oňa degişli Teswirnamany tassyklamak boýunça degişli işleri amala aşyrmak teklip edilýär. Wise-premýer Prezident Serdar Berdimuhamedowyň YHG-nyň 16-njy sammitindäki çykyşynda serhetýaka we sebit söwdasyny ösdürmek üçin YHG-nyň mümkinçiliklerini doly ulanmak baradaky meselä deglip geçilendigi, bu babatda Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi barada aýdyp, serhetýaka söwda zolaklaryny döretmek, şu maksatlar bilen YHG-nyň hünärmenlerini çekmek boýunça teklibi beýan etdi. Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary syýasatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi we YHG-a agza ýurtlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigini nygtady.