Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Fransiýa iş sapary bilen bardy, onuň uçary Parižiň «Şarl de Gol» howa menzilinde gondy diýip, «MIR 24» habar berýär. Gyrgyz Respublikasynyň döwlet Baştutany birnäçe halkara çärelere gatnaşar, olaryň hatarynda Parižiň parahatçylyk forumynyň çäklerinde geçjek «Bir planeta» sammiti hem bar. Mundan başga-da, Žaparowyň ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji ýygnagyna gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Gyrgyzystanyň Prezidenti fransuz paýtagtynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirer.