«MSM» toý mekany we bu çäräni guraýjy Esmira Mehtiýewa türkmen paýtagtynyň ýaşaýylaryny hem-de myhmanlaryny Täze ýyl baýramçylyk Balyna gatnaşmaga çagyrýar. Täze ýylyň öňüsyrasynda Ýewropa stilinde guraljak Bal — gündelik aladalary unudyp, täsinligiň we romantikanyň dünýäsinden lezzet almaga ajaýyp mümkinçilikdir. Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylara guramaçylar tarapyndan taýýarlanýan «janly ses» aýdymlar, «Jigi» dijeýiniň çykyşy, owadan şagalaň maksatnamasy hem-de beýleki sowgatlar garaşýar. Furşet görnüşindäki Bal diňe bir datly we süýji tagamlardan göwnüňi hoşlamaga däl-de, eýsem, täze ýakymly adamlar bilen tanyşlyk açmaga ýardam berer. Şeýle-de baýramçylyk ruhuny we jadyly atmosferany döretmekde çäräniň hemaýatkärleriniň sowgatlary hem göwnüňizden turar. Şagalaňa «Dempromotion», «Gorogly Fitness Club», «Saray Pub», «Moon Owl Tm», «Aýtekstil», «Enzahome Mebel», «Bella Maison» we beýlekiler hemaýatkärlik edýär. Dabaranyň guramaçysy Esmira Mehtiýewa Täze ýyl Balyna gatnaşmagyň ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigine ynandyrýar. Täze ýyl Baly 27-nji dekabrda sagat 18:00-da şu salgyda geçiriler: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40A jaýy, «MSM» toý mekany. Giriş peteginiň bahasy 350 manat (ýerler çäklidir). Petekleri şu telefon belgisine jaň edip alyp bilersiňiz: (+993 61) 03 68 46.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir