Rockstar Games taslamalaryna ýöriteleşen Tez2 insaýderi GTA VI-nyň resmi tanyşdyryljak dabarasynyň haçan boljakdygyny aýtdy. Insaýder GTA VI-nyň ilkinji treýleriniň ýakyn wagtda: noýabr aýynyň ahyrynda ýa-da dekabr aýynyň başynda görkeziljekdigini belledi. Köp garaşylan oýny görkezmegiň iň amatly wagtynyň 7-nji dekabrdygyny çaklap bileris, şol gün The Game Awards 2023 atly uly şüweleň geçer. Mundan başga-da, şol günler Rockstar Games 25 ýyllygyny bellär we GTA VI-nyň ilkinji kadrlaryny görkezmek üçin mundan has şowly pursady göz öňüne getirmek kyn - bu seriýanyň muşdaklary üçin ajaýyp sowgat bolardy. Eger GTA VI agzalan möhletde görkezilmese, Tez2 indiki möhletiň 2024-nji ýylyň fewraly boljakdygyna ynanýar. GTA VI-nyň goýberilişi barada aýdylanda bolsa, insaýder Rockstar Games-iň birnäçe döredijisiniň 2025-nji ýylyň ýazynda oýnuň goýberilmegine bil baglaýandyklaryny bildi, bu Take-Two Interactive neşirýatynyň maliýe hasabaty bilen gytaklaýyn tassyklanýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir