Lamborghini kompaniýasy Hytaýda 2,72 million ýuana Huracan Tecnica modelini hödürledi. Superkar Huracan seriýasynda iň soňky ösüşdir, awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda-da, ýöriteleşdirilen trek ýollarynda-da ulanyp bolar. Täze önüm 640 at güýji bolan 5.2 litrlik V10 hereketlendirijisini aldy. Öndüriji Huracan Tecnica-nyň bary-ýogy 3,2 sekuntda “ýüz” kilometre çykyp biljekdigini öňe sürdi. Awtoulagda sanly gural paneli we köpugurly üç dilli dest bar. Köp sazlamalar görkezilýän merkezi konsol meýdançasynda uly duýgur multimediýa ekrany ýerleşdirildi. Hereketlendiriji 565 Nm tork öndürmäge ukyply we 7 tizlikli goşa ssepleniýaly geçiriş we ähli tekerleri hereketli ulgam bilen sazlaşýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir