ChatGPT boty Suno AI neýroulgamynyň üsti bilen, özboluşly aýdymlary döretmegi öwrendi. Bu barada çatyň sahypasynda 5-nji noýabrda habar berildi. Habarda: "Botda özboluşly aýdymlary döretmek üçin Suno nerw ulgamy peýda boldy: aýdym-saz, ritm, ses, ýerine ýetiriş - hemme zat aç-açan" diýilýär. Aýdym döretmek üçin ulanyjy bota degişli buýrugy ibermeli, soňra žanr saýlamaly we aýdymyň sözlerini goşmaly. Neýroset hersi 40 sekuntdan ybarat iki aýdymyň sazyny döreder, adam haýsy sazyň ýazylmagynyň dowam etdirilmegini isleýän bolsa, şolardan birini saýlap biler. ChatGPT OpenAI tarapyndan döredilen emeli aň botudyr. Ol söhbetdeşlik geçirmegi, berlen soraglara jogap bermegi, redaktirlemegi, kompýuter koduny we hatda goşgulardyr aýdymlary hem döredip bilýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir