oyota Motor Corporation (TMC) 2023-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli önümçilik görkezijilerini goşmak bilen, 300 million awtoulag öndürýän dünýä önümçiligini gazandy. Bu netije ilkinji Toyota awtoulaglary bolan G1 kysymly awtoulaglar 1935-nji ýylyň awgust aýynda Toyoda Automatic Loom Works, Ltd. (soňra Toyota Industries Corporation) tarapyndan öndürilenden 88 ýyl we iki aý geçensoň gazanyldy. Mundan başga-da, 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli ýurduň içinde 180,52 million ulagyň we daşary ýurtlarda 119,6 million ulagyň öndürilendigi mälim edildi. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryna çenli jemi 53,399 million birlik öndürilen Corolla önümçilikde iň köp goýberilen model boldy. Kompaniýanyň başlygy Akio Toýoda: “Meniň pikirimçe, bu 300 million awtoulag Toyota-daky kärdeşlerimiziň, üpjün edijilerimiziň we dilerlerimiziň hem-de beýleki köp sanly gyzyklanýan taraplaryň her gün çeken zähmetiniň subutnamasydyr. Tüýs ýürekden hemmelere sag bolsun aýdýaryn "-diýdi.