Şu ýyl Apple 15 Pro-nyň çykmagy bilen, Apple smartfon bazarynda titan çarçuwasyny ulanyp, täze bir trend görkezene meňzeýär. Xiaomi oňa eýýäm Xiaomi 14 Pro Titanium Special Edition ýörite wersiýasy bilen goşuldy we ýakyn wagtda Samsung hem olaryň hatarynyň üstüni ýetirer. Günorta Koreýanyň The Elec neşiri ady aýdylmadyk çeşmelere salgylanyp, Samsung Galaxy S24 Ultra-nyň kompaniýanyň ilkinji titan çarçuwaly smartfony boljakdygyny habar berdi. Megerem, titan gyraňy setirdäki modelleriň hemmesi almasa gerek, diňe ýokary derejeli Galaxy S24 Ultra alar, sebäbi öndüriji başlangyç tapgyrda 15 million titan çarçuwany öndürmek üçin deslapky maksady goýupdy. Bu san bolsa Galaxy S23 Ultra-nyň satuwyna gabat gelýär. Samsung-yň takmynan 2 ýyl mundan ozal öz smartfonlaryna titany girizmegiň üstünde işläp başlandygy, ýöne gutarnykly kararyň diňe şu wagt kabul edilendigi habar berildi. Meşhur Galaxy S24 seriýasynyň 17-nji ýanwarda çykjakdygy barada gürrüňler bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 5 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir