UFC-niň ýeňil agram derejesindäki russiýaly çempiony Islam Mahaçew, agram derejesine (P4P) garamazdan, liganyň iň gowy söweşijileriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Ol bu orundan häzirki wagtda ikinji ýerde durýan amerikaly Jon Jonsy düşürdi. Oktýabr aýynyň ahyrynda täzelenen öňki sanawyň netijelerine görä, Islam P4P sanawyndaky ornuny gowulaşdyrdy, ýöne birinji orna çykmady. Şonda Mahaçew üçünji ýerden ikinji orna çykdy. Liganyň iň oňat söweşijileriniň sanawynda üçünji orunda, agram derejesine garamazdan, soňky söweşinde Mahaçewden ýeňlen awstraliýaly söweşiji Aleksandr Wolkanowski galdy. Russiýaly söweşiji garşydaşyna haý-kik urup, şondan soň urgulary ýagdyryp, ýeňiş gazandy. Tizara emin söweşi saklady.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir