«Aşgabat» köpugurly stadionynda Aziýanyň Çempionlar ligasynyň «A» toparçasyndaky dördünji tapgyryň çäklerinde «Ahal» futbol topary Özbegistanyň «Pahtakoryny» kabul etdi. Duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Duşuşygyň birinji ýarymynda hasap açylmady. Ikinji ýarymyň 81-nji minudynda Alibek Abdyrahmanow türkmen klubuny öňe çykardy — 1:0. Duşuşygyň esasy wagtyna goşulan wagtyň bäşinji minudynda H.Erkinowyň tapawutlanmagy bilen hasap deňlendi. Şeýlelikde, duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Şu duşuşykdan soň türkmen topary utuklarynyň sanyny dörde ýetirdi. «Ahal» indiki tapgyrda 28-nji noýabrda myhmançykykda «Al-Feýha» saud kluby bilen duşuşar. «Pahtakor» BAE-den «Al-Aýn» bilen duşuşar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir