ChatGPT, emeli aň, programmirleme — ýaly düşünjeler bu günki gün hemmämiňiziň ýygy-ýygydan eşidýän sözlerimiz. Bu düşünjeler gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip barýar. Bu düşünjelerden näçe köp habarly boldugyňça, şonça-da bu düşünjeleriň bize berýän ýeňilliklerinden köp peýdalanyp bolýar. Şonuň üçin hem KIBERone, Amakids we Sanly Sowat bilim merkezleri çagalar hem ulular üçin programmirleme we dil kurslaryny hödürleýär. Şeýle hem Sanly Sowat bilim merkezi ulular üçin iňlis dili okuwlarynyň bahasyny 2400 manatdan 1500 manada çenli arzanlatdy. Çaga haýsy ýaşdan programmirlemäni öwretmek meselesi barada aýdylanda bolsa, onda munuň üçin başlangyç çäk ýok. Iň esasy zat çagaňyzyň şol ugra ukybynyň we höwesiniň bardygyny anyklamaly. Galan zatlary KIBERone, Amakids we Sanly Sowat merkeziniň hünärmenlerine goýuň! AMAkids bilim merkezi — IŇLIS DILI okuwlary, RUS DILI okuwlary, MENTAL ARIFMETIKA, boýunça okuwlary hödürleýär. Mälim bolşy ýaly, çaganyň dil öwrenmek boýunça okuwlarynyň ortaça dowamlylygy onuň ýaşyna, dil biliş derejesine, şeýle hem yhlasyna bagly bolýar. AMAkids bilim merkezi çagalaryň hut şu aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, okuw maksatnamasyny düzýär. Mental arifmetika nämä gerek? Çaganyň kalkulýator ýa-da kagyz ulanmazdan aňynda geçirýän çylşyrymly hasaplamasyna mental arifmetika diýilýär. Ol çaganyň tiz wagtda hasaplaýyş ukyplaryny ösdürýär, ýadyny we ünsüni ýokarlandyrýar. Logiki pikirlenmäni ösdürýär. Mental arifmetika beýnini türgenleşdirmegiň bir usuly hökmünde ulanylýar. Bu bilim merkezlerinde okuwlaryň 20%-i — NAZARY OKUWLAR, 80%-i — AMALY SAPAKLAR görnüşinde geçirilýär. Okuwlaryň hiline göz ýetirmek üçin MUGT SYNAG SAPAGYNA gatnaşyp bilersiňiz. Kiberone, Sanly Sowat we AMAkids bilim merkezleri barada has giňişleýin maglumaty Instagram sahypalaryndan alyp bilersiňiz.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir