Tesla Germaniýada iň elýeter elektrik awtoulagyny öndürer. InsideEVs -iň habaryna görä, kompaniýanyň başlygy Ilon Mask degişli beýannama berdi. Awtoulagyň takmynan bahasy 25 müň dollar. Şeýle hem Mask, Cybertruck pikapy bilen deňeşdirilende, täze derejeli modeliň has adaty dizaýna eýe boljakdygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde, ol “diýseň ýeser, owadan we amatly” bolmagynda galar. Geljekde Tesla millionlarça nusgada iň amatly elektrik awtoulagyny öndürmek isleýär. Munuň üçin Hytaýda bar bolan önümçilik desgalarynyň ýa-da Meksikadaky täze zawodyň ulanylmagy mümkindir. Ilon Mask baryp 2018-nji ýyldan bäri “iň arzan Tesla”-ny mahabatlandyrýar. Her çärýekdäki hasabatynda has amatly modeliň üstünde işlenilýändigini ýatladýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir